Afişalar

Welaýatlarda Göçme sirk çykyşlary
Welaýatlarda Göçme sirk çykyşlary

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirkleri 2025-nji ýylyň mart, aprel aýlarynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Türkmeniň ak öýi” binalarynda geçiriljek göçme sirk çykyşlaryny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň döredijilik toparlarynyň ýaş zehinli artistleriniň, masgarabazdyr akrobatlaryň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň, erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň, Hindistanyň şadyýan “Makaka” maýmynjyklarynyň, şeýle hem “Poni” atynyň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz. Göçme sirk çykyşlaryň geçiriljek seneleri: 1. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 5-7-si aralygynda geçiriler. 2. Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-12-si aralygynda geçiriler. 3. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 27-29-y aralygynda geçiriler. 4. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 7-9-y aralygynda geçiriler. Göçme sirk çykyşlarynyň peteklerini “Türkmeniň ak öýi” binasynyň kassasynda satyn alyp bilersiňiz. Çykyşlaryň geçiriljek wagtlary sagat 15:00-da we 18:00-da. Habarlaşmak üçin: +993 62 674799; +993 63 912893.

Şowhunly sirk oýunlary
Şowhunly sirk oýunlary

Hormatly tomaşaçylar, Türkmenistanyň Döwlet sirki fewral aýynyň 16-na sagat 18:00-da täze teatral-sirk tomaşalaryny Size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň ýaş zehinli artistleriniň, tälim berlen haýwanlaryň, mundan başgada dürli-dürli žanrlardaky sirk çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda petekleri “online” görnüşinde satyn alyp bilersiňiz Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45.

Gyzykly sirk oýunlary
Gyzykly sirk oýunlary

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki dekabr aýynyň 9-na sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! Goşmaça maglumatlary resmi sahypamyzda görüp bilersiňiz: sirk.gov.tm Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34

Monakanyň Monte-Karlo şäheri  baş baýraga mynasyp boldylar
Monakanyň Monte-Karlo şäheri baş baýraga mynasyp boldylar

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny goldaýan,dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da berkitmek maksady bilen, türkmeniň sirk sungatyny dünýä ýaýan «Galkynyş» milli at üstündaki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň “Türkmen jigitleri” toparynyň atristleri hem guwandyryjy netijeleri gazanyp diňe öz ülkämizde däl, eýsem dünýä halklarynyň içinde hem uly gyzyklanma bilen ýaň salýar. 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwary aralygynda Monakanyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän 47-nji halkara sirk festiwalyna ýörite çakylyk boýunça abraýly baýraklaryň eýesi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen jigitleri» toparynyň atristleri hem gatnaşdylar we festiwalyň baş baýragy – Altyn medala mynasyp boldular.

Habarlar

Monakanyň Monte-Karlo  şäheri
2025-01-23 07:47:56

Bahreýin döwletinde çykyş
2023-12-18 17:16:47
Bahreýin döwletinde çykyş

Türkme­nistanyň Döwlet sirk­iniň​ artistlaryň şowhunly sahnalaryna, dünýä meşhur “Galky­nyş” milli at üstünd­äki oýunlar toparynyň atyň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketlerine,​ çykyşlaryna tomoşaçylarda uly täsir galdyrdy

Hytaý
2023-12-18 17:16:17

Italiýa
2023-12-18 17:15:58

Baýraklar

Baýragyň ady
Altyn kubok

Halkara sirk festiwalynyň «Altyn kubogy» baş baýragy

Baýragyň ady
Baýrak

Monakonyň halkara müdirliginiň ýaş halkara eminleriniň baýragy

Baýragyň ady
Ýörite baýrak

Italýan aktrisasy Moira Orfeiniň ýörüte baýragy

Baýragyň ady
Baýrak

Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanandyklary üçin baýragy

Baýragyň ady
Ýörite baýrak

Hindistanyň Rambo sirkiniň ýörite baýragy

Baýragyň ady
Altyn kubok

Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherinde geçirilen 2-nji Halkara sirk festiwalynyň baş baýragy - Altyn kubogy

Baýragyň ady
Altyn Idol

Статуэтка «Золотой Идол» Москва, 2013г. / Statuette « Golden Idol», Moscow, year 2013

Baýragyň ady
Altyn kubok

Latina 2014 halkara sirk festiwalynyň baş bayragy - Altyn kubogy

Baýragyň ady
Altyn Gaetano”

Altyndan at bilen tälim berijiniň şekilindäki “Altyn Gaetano” ýadygärlik statuetkasy

Baýragyň ady
Aziyanyň ýaňy

“Türkmen” jigitler toparynyň ýokary derejeli sirk artisti Ýusupowa Lilianna Gazagystan Respublukasynyň Astana şäherinde geçirilen sirk sungatynyň “Aziyanyň yaňy” atly ХI halkara festiwaly tarapyndan “Yokary çeperçilikli yerine yetirijilik ussatlygy” üçin berlen Gazaklaryň milli ýadygärlik sylagy

Baýragyň ady
Tarelka ýadygärlik sowgady

Tarelka ýadygärlik sowgady

Baýragyň ady
Çakylyk haty

2014-nji ýylda Italiýa döwletiniň Latina şäherinde geçiriljek halkara sirk sungatynyň festiwalyna çakylyk haty

Baýragyň ady
Tarelka ýadygärlik sowgady

Tarelka ýadygärlik sowgady

Baýragyň ady
Tarelka ýadygärlik sowgady

Tarelka ýadygärlik sowgady

Baýragyň ady
Halkara sertifikat

Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherinde geçirilen 2-nji Halkara sirk festiwalynyň sertifikaty

Baýragyň ady
Ýadygärlik tarelka

2015-nji ýylda Monte-Karloda geçiriljek halkara sirk sungatynyň festiwalyna çakylyk haty görnişinde ýadygärlik tarelkasy

Baýragyň ady
Minnetdarlyk haty

Gyrgyz Respublikasynyň medeniyet, habar beriş we syyahatçylyk ministrligi tarapyndan berlen Minetdarlyk haty