Afişalar

Aýazbaba bilen Garpamygyň  täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz.
Aýazbaba bilen Garpamygyň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz.

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Ganatly bedewler» atly täze sahnalaşdyrlan sirk çykyşyny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň, Hindistanyň şadyýan maýmynjyklarynyň, Mangoliýa döwletiniň “Baktrial” iki örküçli düýeleriniň, Germaniýanyň “Pudel” güjüjikleriniň, Hindistanyň “Tawus” guşunyň, Şatlandiýanyň “Poni” atlarynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň, erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň we täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gelen myhmanlarymyz Aýazbaba bilen Garpamygyň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz. Sirk çykyşlar 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-den 2026-nji ýylyň 11-nji ýanwar aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.

Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli
Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli dekabr aýynyň 11-ne sagat 19:00-da we dekabr aýynyň 14-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda petekleri “online” görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34.

Gyzykly sirk oyunlary
Gyzykly sirk oyunlary

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki dekabr aýynyň 7-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda petekleri “online” görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34.

Bakuda 2026-njy ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny
Bakuda 2026-njy ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny

Bakuda 2026-njy ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny guramaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu Bakuda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti, Döwlet serhet gullugynyň başlygy general-polkownik Elçin Guliýew, şeýle-de «Sea Breeze» dynç alyş zolagyndaky sirkiniň ýolbaşçysy Allahwerdi Israfilow bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä, duşuşyklaryň dowamynda atçylyk sporty we milli atçylyk oýunlary babatynda ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary berkitmek, özara tejribe alyşmak, bar bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we Azerbaýjanda bu ugurda döredilen infrastruktura bilen tanyşmak ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. 14-18-nji noýabr aralygynda atçylyk ulgamynda döredilen döredilen şertler we alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen türkmen wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy. Türkmen wekilleri «Bina» we «Serhetçi» atçylyk merkezlerine baryp gördüler, olara atçylyk we at üstündäki oýunlaryň milli däplerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi — diýip, çeşmede bellenilýär.

Habarlar

2026-njy ýylyň martynda türkmen jigitleri at üstündäki oýunlar bilen Bakuda çykyş ederler
18.11.2025

Monakanyň Monte-Karlo  şäheri
23.01.2025
Monakanyň Monte-Karlo şäheri

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny goldaýan,dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da berkitmek maksady bilen, türkmeniň sirk sungatyny dünýä ýaýan «Galkynyş» milli at üstündaki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň “Türkmen jigitleri” toparynyň atristleri hem guwandyryjy netijeleri gazanyp diňe öz ülkämizde däl, eýsem dünýä halklarynyň içinde hem uly gyzyklanma bilen ýaň salýar. 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwary aralygynda Monakanyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän 47-nji halkara sirk festiwalyna ýörite çakylyk boýunça abraýly baýraklaryň eýesi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen jigitleri» toparynyň atristleri hem gatnaşdylar we festiwalyň baş baýragy – Altyn medala mynasyp boldular.

Bahreýin döwletinde çykyş
18.12.2023
Bahreýin döwletinde çykyş

Türkme­nistanyň Döwlet sirk­iniň​ artistlaryň şowhunly sahnalaryna, dünýä meşhur “Galky­nyş” milli at üstünd­äki oýunlar toparynyň atyň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketlerine,​ çykyşlaryna tomoşaçylarda uly täsir galdyrdy

Hytaý

Baýraklar

Baýragyň ady
Altyn kubok

Halkara sirk festiwalynyň «Altyn kubogy» baş baýragy

Baýragyň ady
Baýrak

Monakonyň halkara müdirliginiň ýaş halkara eminleriniň baýragy

Baýragyň ady
Ýörite baýrak

Italýan aktrisasy Moira Orfeiniň ýörüte baýragy

Baýragyň ady
Baýrak

Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanandyklary üçin baýragy

Baýragyň ady
Ýörite baýrak

Hindistanyň Rambo sirkiniň ýörite baýragy

Baýragyň ady
Altyn kubok

Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherinde geçirilen 2-nji Halkara sirk festiwalynyň baş baýragy - Altyn kubogy

Baýragyň ady
Altyn Idol

Статуэтка «Золотой Идол» Москва, 2013г. / Statuette « Golden Idol», Moscow, year 2013

Baýragyň ady
Altyn kubok

Latina 2014 halkara sirk festiwalynyň baş bayragy - Altyn kubogy

Baýragyň ady
Altyn Gaetano”

Altyndan at bilen tälim berijiniň şekilindäki “Altyn Gaetano” ýadygärlik statuetkasy

Baýragyň ady
Aziyanyň ýaňy

“Türkmen” jigitler toparynyň ýokary derejeli sirk artisti Ýusupowa Lilianna Gazagystan Respublukasynyň Astana şäherinde geçirilen sirk sungatynyň “Aziyanyň yaňy” atly ХI halkara festiwaly tarapyndan “Yokary çeperçilikli yerine yetirijilik ussatlygy” üçin berlen Gazaklaryň milli ýadygärlik sylagy

Baýragyň ady
Tarelka ýadygärlik sowgady

Tarelka ýadygärlik sowgady

Baýragyň ady
Çakylyk haty

2014-nji ýylda Italiýa döwletiniň Latina şäherinde geçiriljek halkara sirk sungatynyň festiwalyna çakylyk haty

Baýragyň ady
Tarelka ýadygärlik sowgady

Tarelka ýadygärlik sowgady

Baýragyň ady
Tarelka ýadygärlik sowgady

Tarelka ýadygärlik sowgady

Baýragyň ady
Halkara sertifikat

Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherinde geçirilen 2-nji Halkara sirk festiwalynyň sertifikaty

Baýragyň ady
Ýadygärlik tarelka

2015-nji ýylda Monte-Karloda geçiriljek halkara sirk sungatynyň festiwalyna çakylyk haty görnişinde ýadygärlik tarelkasy

Baýragyň ady
Minnetdarlyk haty

Gyrgyz Respublikasynyň medeniyet, habar beriş we syyahatçylyk ministrligi tarapyndan berlen Minetdarlyk haty