Türkmenistanyň Döwlet sirki
Türkmenistanyň tebigy şertlerine laýyklykda, Rihteriň şkalasy bilen 9 bal ýer titremesine seýsmiki durnukly, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň binasy, professor B.Wasilkowyň ýolbaşçylygynda ýaş türkmen alymy Annageldi Bazarowyň 1975 ýyldaky ylmy dissertasiýa işiniň taslamasy boýunça 1979-1984-nji ýyllarda guruldy. Ýene-de bu sirkiň binasynyň taslamasy boýunça Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde we Täjigistanyň Duşanbe şäherinde sirkiň binalary guruldy. Turkmenistanyň Döwlet sirki 1985-nji ýylda açyldy. Türkmen, dünýä belli sirk artistleri Döwlet Hojabaýewiň türkmen milli atly ýigitler topary, şonuň ýaly-da doganlar Baýramdurdy Annaýewiň, Amandurdy Annaýewiň, Bäşim Annaýewiň, şeýle-de Batyr Annaýewiň türkmen milli atly ýigitler topary ilkinji türkmen sirk sungatynyň düýbini tutmak bilen, göz ýetmeýän ägirt bir minara öwürmegi başardylar. Olar türkmen ahalteke atlary we türkmen gujurly, gaýratly, edermen, ezber ýigitleri bilen türkmeni dünýä tanatdylar.
2001-nji ýylyň 1-nji aprelinde Saparmyrat Türkmenbaşynyň karary bilen opera, balet sungatlary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet sirki hem ýapyldy.
2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň karary bilen Türkmenistanyň Döwlet sirki döredildi we sirke SSSR döwründe gurulan sirkiň köne binasy berildi. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň köne iki gat binasynyň durkyny täzelemek 2008-nji ýylyň iýun aýynda Türk «EFOR inşat sanai diş tidjaret A.Ş.» gurluşyk firmasy tarapyndan durky täzelenip başlandy we 2010-njy ýylda doly durky täzelenip, ulanylmaga berildi.
Türk «EFOR inşat sanai diş tidjaret A.Ş.» gurluşyk firmasy tarapyndan doly durky täzelenen, tehniki-üpjünçilik taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelýän sirkiň kaşaň binasy paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýär. Onuň umumy meýdany 27,468 inedördül metrdir. Sirkiň esasy merkezi sirk çykyşlaryny görkezmek üçin niýetlenen diametri 13 metr tegelek meýdançadan ybarat bolup, ondan sirkiň iň ýokarky nokadyna çenli aralyk 18 metrdir. Bu meýdançanyň daşynda tomaşaçylar üçin 1 500 adamlyk oturymly ýerler göz öňünde tutulan.
Sirkiň oturumly ýerleri 10 sany bölümçä-sektorlara bölünýär. Sirkiň merkezi girelgesiniň sag we çep taraplaryndaky bölünen sektorlarda tomaşaçylaryň oturmaklygy we sirk çykyşlaryna tomaşa etmekleri üçin oňaýly şertler döredilen.
Bu ýerde artistler üçin grim we eşik çalşyrylýan otaglaryň 16-sy bolup, olaryň ikisi ýaşajyk artistlere-çagalara niýetlenendir. Mundan basga-da ähli amatlyklary bar bolan 20 orunlyk dynç alyş otagy, medeniýete we sungata degişli dürli ýygnanyşyklary, duşuşyklary, agşamlary we beýleki çäreleri geçirmek guramak üçin niýetlenen 181 adama niýetlenen konferensiýa zaly bar.
Horeografiýa zaly we ses ýazgylary studiýasy sirkde görkezilýän tomaşalaryň we şou-konsertleriň hiliniň we mazmunynyň gowy bolmagyny üpjün etmäge niýetlenendir. Bu ýerde sirkde çykyş etjek atlary we beýleki haýwanlary saklamak üçin hem ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. 20 bedewe niýetlenen athana arassaçylyk-sanitariýa ýagdaýlaryndan başlap, atlary lukmançylyk gözegçiliginden geçirmek, olaryň iýmitleniş ýagdaýyny, dynç alşyny ähli kadalar boýunça berjaý etmek, suwa düşürilýän ýerler bilen üpjün etmeklige çenli ähli şertler döredilendir. Şeýle hem tomaşa görkezjek beýleki dürli haýwanlar üçin hem aýratyn ýatakhanalar we kömekçi jaýlar bar.
Sirkde ýörite niýetlenilen ýerde türkmen sirk sungatynyň taryhyny we şu günini açyp görkezýan özboluşly muzeýi hem işleýär.
Durky täzelenen Türkmenistanyň Döwlet sirki Hormatly Prezidentimiziň şa gadamy bilen 2010-njy ýylyň aprel aýynyň 23-inde açyldy we ilkinji tomaşaçylaryny kabul etdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda milli sirk sungatyny ösdürmek we ugur boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, şan-şöhraty bütin dünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň, türkmen jigitleriniň gatnaşmagynda sirk sungatynyň dürli ugurlary boýunça tomaşa çärelerini guramak, milli sirkiň medeni derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny gazanmak we ilatyň medeniýetli dynç alyşyny guramagy düýpli gowulandyrmak, geljekde milli sirk sungatyny has-da ösdürjek ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň esasy maksady bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet sirkine baş direktor Serdar Hojakuyýewiç Gurbangulyýew ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda Döwlet sirkiniň agzybir işgärler kollektiwi ilatyň medeniýetini ýokarlandyrmaga, raýatlarda belent ahlak sypatlaryny terbiýelemäge, milletiň ruhy galkynyşyny gazanmaga, milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkyň agzybirligini we bitewiligini pugtalandyrmaga, ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemäge goşant goşýan, teatral-sirk tomaşalaryny gurnap gelýär.
Serdar Gurbangulyýew çeken döredijilikli zähmeti üçin 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady bilen sylaglanýar.
Türkmenistanyň Döwlet sirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda» Gahryman Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň baý taryhy, dürli öwüşginli ajaýyp mirasynyň aýawly saklanylmagy, onuň has hem baýlaşdyrylmagy, dünýäniň genji-hazynasyna öwrülmegi, onuň gadyr-gymmatyny bagtyýar nesillerimize ýetirmegi ugrunda durmuşa geçirýän tutumly işlerine jogap berýän, türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny çeper beýan edýän teatral-sirk tomaşalaryny taýýarlap we tomaşaçylar köpçüligine hödürläp gelýär. Bu teatral-sirk tomaşalaryny Çeper-döredijilik bölüminiň baş režissýory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýew goýýar.
Pygy Baýramdurdyýew 1972-nji ýylda Ahal welaýatynyn Baharly etrabynyň Mürçe obasynda eneden bolýar. 1979-njy ýylda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň 12-nji orta mekdebine okuwa barýar we 1989-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyn Döwlet sirkiniň «Ýaş Türkmenistan» milli at üsündäki oýunlary toparynda artist wezipesine işe başlaýar. Ol «Ýaş Türkmenistan» milli at üsündäki oýunlary toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Annaýewiň halypaçylygynda 16 ýaşynda milli at üstündäki oýunlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. 1990-njy-2005-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet sirkinde artist, akrobat-seýisçi wezipelerinde işleýar. 2005-2013-nji ýyllarda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň we Turkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlary toparynyň seýis ýolbaşçy wezipeside işleýär. Ol 2013-nji ýylda Türkmen Döwlet medeniýet institutyny tapawutlanan diplom bilen tamamlap, estrada we sirk oýunlarynyň artisti hünärini ele alýar. 2013-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş režissýory wezipesinde işleýär.
Milli sirk sugatyny ösdürmäge goşan goşandy we teatral-sirk tomaşalaryny gurnamakda, milli sirk sungaty boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde we ony wagyz etmekde çeken döredijilikli zähmeti üçin Pygy Baýramdurdyýew 2010-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2012-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady, 2015-nji ýylda «Garașsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly, 2017-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2017-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady, 2020-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady, 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanýar.
Sirk çykyşlarynda Çeper-döredijilik bölüminiň «Ýedigen» tans topary özüniň dürli tanslary bilen gatnaşýarlar. Mundan başga-da Çeper-döredijilik bölüminiň «Ýedigen» tans toparynyň gyzlary beýleki sirk artistleriniň çykyşlarynda kömekçi hökmünde çykyş edip, olaryň çykyşlaryny has-da bezeýär.
Çeper-döredijilik bölüminiň «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlary toparynyň ýokary derejeli tälim beriji artist Elmira Goşaýewanyň we Çeper-döredijilik bölüminiň «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlary toparynyň 1-nji derejeli artist Zarina Lýaginanyň eldekleşdirilen itleriniň çykyşlary halk köpçüliginde, esasan hem körpelerde has täsir galdyrýar.
Eldekleşdirilen itlerden başga-da eldekleşdirilen zebranyň, düýeleriň, kepderleriň, geçileriň, alabaýlaryň çykyşy hem uly täsir galdyrýar.
Çeper-döredijilik bölüminiň «Türkmen jigitleri» toparynyň 2-nji derejeli sirk artisti Halap Baýrammyradowyň eldekleşdirilen maýmynlaryň çykyşlary halk köpçüliginde, esasan hem körpelerde has täsir galdyrýar.
Howa gimnasty, Çeper-döredijilik bölüminiň «Türkmen jigitleri» toparynyň sahna ussady Lilianna Ýusupowanyň howada ýerine ýetirýän dürli, milli öwüşgünli oýunlary, bir-birinden çylşyrymly hereketleridir tillsimleri tomaşaçylary özüne çekýär.
2018-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Aziýanyň ýaňy» atly ХI halkara festiwalyndan gelen çakylygyň esasynda, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artisti, “Türkmen” jigitler toparynyň ýokary derejeli sirk artisti Ýusupowa Lilianna gatnaşyp, bu festiwalyň Kümüş “Ýokary çeperçilikli ýerine ýetirijilik ussatlygy” üçin diplomyna, “Yokary çeperçilikli ýerine ýetirijilik ussatlygy” üçin berlen Gazaklaryň milli ýadygärlik sylagyna we Ukrainanyň sirki tarapyndan berlen waza şekilindäki ýörite ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldy. Bu bolsa türkmeniň milli sirk sungatyna dünýä ýüzünde berilýän bahanyň, giýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.
Gimnastlaryň, ekwilibristleriň oýunlary halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanylýar.
Sirk tomaşasynyň dowamynda şadyýan masgarabazlaryň Röwşen Meläýewyň, Pena Myratdurdyýewyň we Ezber Ataberdiýewyň çykyşlary täze öwüşgün çaýýar.
Çeper-döredijilik bölüminiň «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň akrobat oglanlaryň çykyşlary, olaryň çalasynlyk bilen ýerine ýetirýar tärleri tomaşaçylary özüne çekýär.
Sirkiň her bir tomaşasynda türkmen ýigitleriniň, dünýä belli ahalteke bedewleriniň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşylary ýörite maksatnama esasynda üstünlikli görkezilýär.
Tükmenistanyň Döwlet sirkiniň 20 adamdan ybarat kämil orkestri hem hereket edýär, oňa görnüki dirižýor Tirkeş Rejepow ýolbaşçylyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenistanyn Döwlet sirki hem ähli Döwlet salgytlaryndan boşadyldy. Bu bolsa, bize, dünýäniň ähli künjeklerinden sirk artistlerini çagyrmaga uly mümkinçilikler döretdi.
Milli sirk sungaty boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek we ony dünýäde wagyz etmek, Türkmenistan döwletimizde we daşary ýurtlarda dünýä sirk sungatynyň talaplaryna laýyk gelýän tomaşa çärelerini guramak, milli sirk sungatynyň ussatlaryny terbiýeläp ýetişdirmek, dünýäniň sirkleri bilen aragatnaşygy ýola goýmak we ösdürmek maksady bilen, açylan döwründen bäri Russiýa Federasiýasynyň, Fransiýa Respublikasynyň sirk artistleri üstünlikli çykyşlary, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň sirk artistleriniň çykyşlary gurnaldy.
Hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-da duýdansyz gelip, sirk artistleriniň çykyşyna tomaşa etmegi, çykyşlar tamamlanandan soň sirk artistlerine, hünärmenlere işlerinde rowaçlyk arzuwlap, Türkmenistanyň Döwlet sirkine 50 müň amerikan dollary möçberinde pul sowgadyny bermegi sirk artistlerini ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy.
Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni tagallasy bilen Türkmenistanda sirk sungaty täzeden dikeldilýär we onuň geljegi ulydyr, munuň üçin bolsa Türkmenistanyň Döwlet sirkinde ähli zerur bolan mümkinçilikler şertler bar.
Hormatly Prezidentimiziň milli sirk sungatyny dünýa derejesindäki ösüşlere beslenmegi ugrunda taýsyz tagallalaryna jogap edip, Turkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik topary Ukraina döwletiniň Kiýew şäherinde, Belorussiya döwletiniň Minsk şäherinde, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda üstünlikli çykyş etdiler.
Mälim bolşy ýaly, «IDOL» bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda çykyş etmek bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen» jigitler topary festiwalyň «Altyn IDOL» baş baýragyna, Habar beriş serişdeleriniň emin agzalarynyň «Bürünç manež» baýragyna mynasyp boldylar.
Şeýle-de 2015-nji ýylda Monte-Karloda geçiriljek halkara sirk sungatynyň festiwalynyň çakylygy gowşuryldy. Italiýanyň sirk sungaty merkeziniň ýörite baýragy biziň jigitlerimiziň at üstündäki oýunlary örän ussatlyk bilen ýerine ýetirendikleri üçin berilip, biziň çykyşlarymyzyň uly üstünliklere eýe bolandygyny dünýa ýüzüne has-da aýdyň mälim etdi.
Biziň sirk artistlerimiziň «IDOL» bütindünýä sirk sungatynyň festiwalyndaky çykyşyndan soň dünýäniň ähli künjeklerinden Türkiýe, Italiýa, Gollandiýa, Ýaponiýa döwletleri çakylyk berdiler.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik topary Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde döredijilik iş saparynda boldylar.
Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowamynda geçirilen Halkara atçylyk assosiasiýasynyň nobatdan dasary mejlisine we «Ahalteke bedewiniň medeniýeti» atly seýilgähiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu açylys dabarasynda «Ahalteke bedewleriň agşamy» atly uly tomaşada turkmen ýigitlerinin milli at üstündäki oýunlary bilen täsirli çykyşy joşgunly seslenmeleri döretdi we köp sanly märekede uly täsir galdyrdy.
Geljekde-de milli sirk sungaty boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen Russiýa we beýleki döwletleriň sirk toparlaryny şeýle-de daşary döwletlerde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň sirk tomaşalaryny gurnamak boyunça işler alynyp barylýar.
Çapyp barýan ata ussatlyk bilen atlanan çapyksuwar özüniň çylşyrymly hereketlerini görkezip başlaýar. Sirk çykyşlaryna uýgunlaşan bedewleriň çykyşlary üstünliklere beslenýär.
Türkmen jigitleriniň batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirýan çykyşlary, sungat derejesine göterilen kämil hereketleri, türkmen gyzlarynyň çykyşlary bilen utgaşyp gidýär.
Türkmenistanyň Döwlet sirkine girmek we sirk çykyşlaryna tomaşa etmek mümkinçiligi her bir raýat üçin elýeterli edilendir. Sirkiň kassalary ir sagat 10.00-dan 18.00-a çenli işleýär. Duşenbe güni sirkde tomaşa görkezilmeýär.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly 134 “A” jaýy, telefon belgileri: 36-32-05 kabulhana, faks: 36-39-04-sirkiň administratorlary: 36-51-03-girelge (nobatçylar): 36-10-34, 36-10-95 - sirkiň kassalary.