Sözleýşi ösdürmek we enjamlar: tehnologiýalar çaganyň sözlük goruna nähili täsir edýär?
10.06.2025
Sözleýşi ösdürmek we enjamlar: tehnologiýalar çaganyň sözlük goruna nähili täsir edýär?

ehnologiýanyň täsiri astynda aragatnaşyk endikleriniň üýtgemegi Wirtual kömekçiler ýa-da çat-botlar bilen işlenilende çagalar çylşyrymly söz düzümlerini özleşdirmeýärler, pikirlerini düzmek hem-de sözlemek endiklerini ösdürmeýärler. Çagalar pikirlerini takyk beýan etmek endiklerini ösdürmegiň deregne söz düzüminiň ösüşini çäklendirýän ýönekeý ses buýruklaryny bermäge öwrenişýärler. Adaty bir mysal — tekst habarnamalaryny emoji we beýleki wizual nyşanlar bilen çalyşmak. Çagalara dogry sözleri saýlanyndan, duýgularyny surat bilen ýetirmek has aňsat bolýar. Söz düzüminiň üýtgemegi Tehnologiýa täze sözlere ýol açsa-da, bu sözlük düzümi köplenç işjeň däl bolup galýar. Çagalar programmalarda we oýunlarda belli bir adalgalar ýa sözler bilen ýüzbe-ýüz bolsalar-da, ýöne hakyky durmuşy gepleşiklerde olary dogry ulanyp bilmeýärler. Şuny bilmek zerur: baý sözlük goruň bar bolsa, diňe bir köp sözi bilmek bilen çäklenmän, eýsem olary dürli şertlerde dogry ulanmak ukybyň hem bolmalydyr. Ünse we ünsüňi jemlemege ýetirýän täsiri Wagtynyň köp bölegini ekranyň öňünde geçirýän çagalar kitap okamak ýa-da logiki meseleleri çözmek ýaly az-kem uzak wagty talap edýän işleri ýerine ýetirmekde kynçylyk çekýärler. Mobil goşundylary ýygy-ýygydan çalyşmak we gysga wideolara tomaşa etmek gysga wagtlyk üns bermek endigini döredýär. Munuň özi maglumatlary çuňňur gaýtadan işlemegi we täze söz baýlygyny öwrenmegi hem-de sözleýişde işjeň ulanmagy kynlaşdyryp biler. Çaga maglumat akymlarynyň çalt üýtgemegine öwrenişip, söhbetdeşini üns bilen duýmak we aragatnaşygyň hiline täsir edýän manyly okamak ukybyny ýitirýär. Sanly döwürde sözleýiş ösüşini goldamagyň ýollary Sanly enjamlaryň çagalaryň gepleýşiniň ösüşine ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmaga ýardam edýän birnäçe täsirli usullar bar: - çaganyň ekranyň öňünde geçirýän wagtyna gözegçilik etmek. - çaganyň ene-atalary we deň-duşlary bilen ýygjam aragatnaşykda bolmagy. - okamak çaganyň söz baýlygyny baýlaşdyrmak üçin iň täsirli gurallaryň biri bolmagynda galýar. Onuň sözleýşi ösdürmekdäki täsiriniň ornuny tutjak zat ýok diýen ýalydyr. Peýdalanylan çeşme: © https://vm.ru/ https://turkmenportal.com/

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar
10.06.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar

Bu forum her ýyl dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň bilim ministrlerini, olaryň orunbasarlaryny we bilim ulgamynyň beýleki ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemleýär diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär. Forumyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti inklýuziw, durnukly we netijeli bilim ulgamlaryny döretmek meselelerine bagyşlanan strategik sessiýa gatnaşdy. Bu sessiýada «Apple» kompaniýasynyň wekilleri sanly çözgütleriň okuw prosesine ornaşdyrylmagynyň häzirki zaman çemeleşmelerini hödürlediler. Hususan-da, dünýäniň dürli ýurtlarynyň mekdeplerinde planşetleriň, bilim maksatnamalarynyň we «Everyone Can Create» hem-de «Everyone Can Code» ýaly programmalaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly tejribeler tanyşdyryldy. Sessiýada Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD-niň) bilim we başarnyklar bölüminiň direktory Andreas Şlaýheriň çykyşyna aýratyn orun berildi. Ol bilimde tehnologiýalaryň ulanylyşy boýunça halkara gözlegleriň netijelerini hödürläp, sanly gurallaryň mugallymyň işini çalyşman, eýsem, goldaýan ýagdaýynda täsirli bolýandygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, üstünlikli bilim üçin iň möhüm ölçegleriň biri – adaty okuw bilen sanly serişdeleriň arasynda deňagramlylygyň üpjün edilmegidir. Şeýle-de A.Şlaýher okuwçylaryň başlangyç bilim başarnyklarynyň halkara PISA gözleginiň ortaça netijesi bolan 420 bala ýetirilmeginiň ýurtlar üçin ägirt uly ykdysady peýdalary berip biljekdigini belledi. Ol OECD tarapyndan geçirilen «Universal Basic Skills: What Countries Stand to Gain» atly gözlegiň maglumatlaryna salgylanyp, ähli okuwçylaryň şol derejä ýetmeginiň 2050-nji ýyla çenli käbir ýurtlaryň JIÖ-ni ýüzlerçe milliard dollara çenli artdyryp biljekdigini aýtdy. Forumyň birinji günündäki çäreleriň çäginde türkmen wekiliýetiniň OECD-niň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda bilimiň hilini bahalandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy PISA gözleginiň maksatlarynyň «Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli döwür üçin umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» girizilendigini tassyklady. Taraplar PISA gözlegleriniň Türkmenistanda geçirilmeginiň usulyýetini öwrenmek we OECD tarapyndan usulyýet goldawyny bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de halkara «Times Higher Education» (THE) agentliginiň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu agentlik dünýä uniwersitetleriniň reýtingleri boýunça ýöriteleşendir. Duşuşykda türkmen uniwersitetleriniň halkara akademiki abraýyny ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. «THE-niň» wekilleri uniwersitetleriň ykdysadyýet we adam maýasynyň ösüşine edýän täsirleri boýunça analitik maglumatlary hödürlediler we türkmen uniwersitetleriniň halkara reýtinglerde ýerini gowulandyrmaga bagyşlanan onlaýn seminar geçirmegi teklip etdiler. Türkmen wekiliýeti forumyň işine, şol sanda mejlis sessiýalaryna we ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşmagyny dowam etdirer diýlip, habarda bellenilýär. ©https://www.post.tm/

Türkmenistan bilen Özbegistan ýük daşamalary üçin bilelikdäki terminallary döretmegi meýilleşdirýär
10.06.2025
Türkmenistan bilen Özbegistan ýük daşamalary üçin bilelikdäki terminallary döretmegi meýilleşdirýär

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, onda iki ýurduň demirýol ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň birinji orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji H. Rahmetow, “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji A.Kamiljanow, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktorynyň logistika boýunça orunbasary A/Hudaýberdiýew we «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň logistika we bazary öwreniş bölüminiň müdiri M.Rejepow gatnaşdy. “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, iki ýurduň demirýol ulaglary edaralarynyň arasyndaky 2022-2023-nji ýyllar boýunça ýük dolanyşygynyň möhüm netijelerine garaldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň her iki ýurduň üçin bähbitli we örän netijeli bolup durýandygy bellenildi. Duşuşykda birnäçe ugurlara aýratyn üns berildi. Birinjiden, “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň wagonlarynyň Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinde ýerleşdirilmegi, Türkmenistanyň çägindäki ýapyk wagonlaryň öz wagtynda boşadylmagy we yzyna gaýtarylmagy maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki ýurduň birleşýän nokatlaryndaky işleriň işjeňleşdirilmegi bilen iki ýurduň arasynda halkara demirýol daşamalaryň ösdürilmegi babatda pikir alşyldy. Mundan başga-da, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Özbegistan we onuň üsti bilen üstaşyr ugurlarda ýükleriň düşürilmegi meseleleri maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda konteýner ýük daşamalaryň möçberiniň we geçirijilik mümkinçilikleriniň artdyrymagy babatda pikir alşyldy. Şeýle hem amatly we netijeli ýük daşamalary üçin bilelikdäki terminallary döretmek mümkinçiligine seredildi. Duşuşygyň jemleri boýunça “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda teswirnama gol çekildi. ©https://atavatan-turkmenistan.com/

Türkmenistan we Günorta Koreýa akylly şäherler pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler
10.06.2025
Türkmenistan we Günorta Koreýa akylly şäherler pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Seulda Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministriniň birinji orunbasary Jin Hýon Hwan bilen möhüm duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde esasy ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegi: “akylly şäher” konsepsiýasyny ösdürmek we häzirki zaman senagat desgalaryny gurmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Koreýanyň degişli edarasynyň habaryna görä, duşuşyk Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky özara meýillerini tassyklady. Duşuşyk koreý kompaniýasy bilen Türkmenabatda fosfor dökünlerini öndürýän zawodyň gurluşygy boýunça uly göwrümli ylalaşyga gol çegilmegine işjeň taýýarlyk görülmeginiň çäklerinde geçirildi. Bu nukdaýnazardan, türkmen wekiliýeti öňdebaryjy koreý firmalary tarapyndan üstünlikli dolandyrylýan birnäçe senagat desgalarynyň işi bilen tanyşdy, bu geljekdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin gymmatly tejribe boldy. Ministriň birinji orunbasary Jin Hýon Hwan Günorta Koreýanyň dünýä liderligini we senagat gurluşygyndaky baý tejribesini nygtady we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümetiniň işjeň goldawyna umyt bildirdi. “Akylly şäherleri” ösdürmekde, hususan-da, Türkmenistanda döwlet ähmiýetli şäher derejesi bolan “täze Arkadag şäheri” taslamasy bilen baglanyşykly öňdebaryjy Koreýa tejribesini alyşmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Seuldaky bu dialog Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen infrastruktura hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek ugrundaky maksada gönükdirilen işleriniň bir bölegidir. Ýakynda, aprel aýynda Koreýanyň wekiliýetleri Özbegistanda we Gazagystanda saparda boldy. Şeýle sebitleýin hyzmatdaşlygyň maksady – tebigy serişdelere baý ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmek we senagat gurluşygy hem-de “akylly şäherleri” döretmek ýaly strategiki möhüm pudaklara koreý kompaniýalarynyň has köp gatnaşmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Koreýanyň ministrliginiň wekili: “Biz kuwwatly tehnologiki mümkinçiliklere we koreý kompaniýalarynyň giň gerimli dünýä tejribesine daýanmak bilen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen infrastruktura hyzmatdaşlygyny dowam etdireris” – diýip, mälim etdi. © https://tca.gov.tm/

Türkmenistanyň awtomobil ulagy Ýewraziýanyň geo-ykdysady landşaftynyň esaslaryndan biridir
05.06.2025
Türkmenistanyň awtomobil ulagy Ýewraziýanyň geo-ykdysady landşaftynyň esaslaryndan biridir

Häzirki wagtda ulag temasy bilermenler jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň global ulag hyzmatdaşlygyndaky orny oňa yzygiderli we maksatly häsiýet bermek, bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyny sebit derejesinden esasy halkara münberine – Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine geçirmek zerurlygyna esaslanýar.Bu babatda Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, ýagny ol Ýewraziýanyň täze geo-ykdysady landşaftyny emele getirmegiň esaslarynyň birine öwrülmelidir diýip hasaplaýar.Hut şonuň üçin-de, Türkmenistan özüniň we sebit bähbitlerinden ugur almak bilen, mundan on ýyldanam gowrak ozal geljekde diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş sebitiň ulag we üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyna goşant goşup biljek degişli infrastruktura logistika binýadyny döretmäge başlady.Bu ugurda durmuşa geçirilen ilkinji taslamalaryň biri-de Aşgabatda täze halkara ýolagçy awtoulag menziliniň işe girizilmegi boldy. Onuň gurluşygy «Muhammet-Balkan» türkmen gurluşyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.Awtobus menziliniň binasy Aşgabadyň demirgazyk böleginde, Aşgabat – Daşoguz ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Ol günde 2000 ýolagça hyzmat edýär. Terminalda 324 platforma, Türkmenistanyň ähli şäherlerinden diýen ýaly gelýän we olara gidýän ýollar bar.Terminalyň içinde ýolagçylar üçin birnäçe kassaly garaşma zaly, uçar we demirýol bilet kassalary, pul çalşylýan ýer, poçta bölümi, internet-kafe, restoran, kiçi bazarlar, eneler we çagalar otagy, saglyk nokady, dermanhana, goşhana we kiçeňräk kinoteatr bar.Terminalyň düzümine ýangyn bekedi, awtobuslar üçin döwrebap awtoulag ýuwalgasy we dürli hyzmat bölümleri girýär. Awtobus menziliniň biçüwini çüwdürimli kiçi seýilgäh bezeýär. Awtobus menziliniň ýanynda 50 adamlyk «Ýüpek ýoly» myhmanhanasy, dolandyryş binasy, tehniki otaglar, duralgalar, hyzmat binasy we awtoýuwalga bar. Ýolagçylaryň ýokary derejeli howpsuzlygy we amatlylygy üçin wideo gözegçilik ulgamy, howpsuzlyk ulgamy we goş barlama hyzmaty göz öňünde tutulypdyr. Awtobus menziliniň ýanynda guruljak üsti ýapyk awtoulag duralgasynyň meýdany 1280 inedördül metre barabardyr.Az salymdan, şol bir wagtyň özünde täze ulag infrastrukturasy desgalary: Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtobus menzilleri işe girizildi.Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherindäki awtobus menzilleri Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Balkanawtoulag», «Daşoguzawtoulag», «Lebapawtoulag» we «Maryawtoulag» ÖB-leriniň buýurmagynda guruldy. Desgalaryň hersiniň umumy meýdany 30 müň inedördül metr bolup, olar günde 700 ýolagça hyzmat etmek we şäher, şäher etegi, şeýle hem şäherara ugurlarda awtobus ýolagçylaryna ýokary hilli hyzmatlar üçin niýetlenendir

Aşgabatda ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý maslahaty geçirildi
04.06.2025
Aşgabatda ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda “Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň, Türkmen logistika assosiasiýasynyň esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahata Koreýa Respublikasynyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we işewür toparlarynyň, şol sanda Inçhon milli uniwersitetiniň ýokary logistika mekdebiniň, Koreýa ulag institutynyň (KOTI), «Taewoong Logistics», «Pantos Logistics», «KJ International», «Evergreen Motors», «Hyundai Corporation», «LG International Corporation», «POSCO DAEWOO Corporation», «SK Holding», «Hyundai Engineering», «Urtico Logistics Baku LLC» kompaniýalarynyň wekilleri bar. Çykyş edenler şu duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň örän wajypdygyny nygtap, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan we ählumumy durnukly ösüş şertlerinde oňyn goşulyşmak ýagdaýynyň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler. Türkmen tarapynyň tanyşdyryşlarynda Aziýa-Ýuwaş ummany döwletleri, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Maslahatyň çäklerinde ozal dürli derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek barada pikir alşyldy, täze işewür pikirleriň birnäçesi beýan edildi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler göz öňünde tutuldy. Maslahata gatnaşyjylar Ýewraziýada ulag gatnawlaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça hünärmenleriň hem-de bilermenleriň duşuşygynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ulgamda özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň döwletleriniň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna kuwwatly itergi berjekdigini, maýa goýumlarynyň gelmegine hem-de tutuş yklymyň ýurtlarynyň we halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ýardam etjekdigini bellediler. ©https://mfa.gov.tm/