Ilon Maskyň dünýäni özgerden 6 sany IT taslamasy
30.04.2025

Ilon Maskyň dünýäni özgerden 6 sany IT taslamasy

Halkara programmistler gününde diňe bir awtoulag we kosmos senagatyna düýpgöter täzeçillikleri getirmek bilen çäklenmän, maglumat tehnologiýalary dünýäsinde hem ýatdan çykmajak yz galdyran Ilon Maskyň tagallalaryny agzaman geçmek mümkin däldir. Onuň programmirleme we inženerçilik çözgütleriniň çürbaşynda durýan innowasion taslamalary eýýäm biziň şu günki geljegimizi emele getirýär. Şu makalamyzda Ilon Maskyň dünýä ýüzünde rewolýusion özgerişligi döreden IT taslamalarynyň altysy dogrusynda gürrüň etmegi müwessa bildik. Heniz on iki ýaşly oglanjykdygyna garamazdan, Ilon Mask kitaplardan programmirlemegi öwrenip, «Blastar» kompýuter oýnuny işläp düzýär we soňlugy bilen ony 500 dollara satýar. Ol retro oýunlary söýüjiler üçin häzirem internet sahypalarynda elýeterlidir. Bu ugurdaky baý tejribäniň ilkinji ädimi hem, ine, şu oýundan badalga aldy.Tesla Autopilot: Özi öwrenýän ulag «PayPal» taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilenden soň, Ilon Mask ünsüni awtoulag pudagyna gönükdirdi. Onuň esaslandyran «Tesla» kompaniýasy ýokary netijeli batareýalardan we güýçli elektrik hereketlendirijilerinden «akylly» howpsuzlyk ulgamlaryna çenli innowasion çözgütleri hödürläp, elektrik ulaglaryny öndürmekde öňdebaryjy boldy. «Tesla»-nyň iň täsin işläp taýýarlamasy awtopilot ulgamy boldy. 2014-nji ýylda ilkinji gezek ýola goýlan bu ulgam yzygiderli kämilleşdirilýär we onuň esasynda hereket edýän awtoulaglar häzirki wagtda köp işleri özbaşdak ýerine ýetirýär. Onuň binýadyndaky kompýuter: awtoulag ýollarynyň we şäher köçeleriniň üstünden hereket etmegi, howpsuzlygy üpjün etmegi, awtoulagyň parkowkasyny awtomatlaşdyrmagy hem-de buýruklara jogap bermegi başarýar. «Tesla»-nyň awtopilotynyň bu ulgam bilen enjamlaşdyrylan müňlerçe awtoulagdan toplanan maglumatlara esaslanyp, yzygiderli täzeçillikleri öwrenýändigini, özüni kämilleşdirýändigini bellemelidiris. Bu bolsa onuň hemişe işleýşini we ygtybarlylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

mugallymy:Baýramow Merdan Talyp Amaniýaz A Dädwkow D Mämmetsöýünow Ý