«Ýylyň bütindünýä awtoulaglary» yglan edildi
10.06.2025

«Ýylyň bütindünýä awtoulaglary» yglan edildi

Nýu-Ýork awtoulag sergisinde «World Car of the Year» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Esasy baýragy Kia EV3 ykjam elektrik krossoweri eýeledi. Bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek «Dünýä şäher awtoulagy» adyna Hytaýyň awtomobil senagatynyň wekili – BYD Seagull awtoulagy mynasyp boldy. Hibrid Porsche 911 GTS ýylyň iň gowy sport awtoulagynyň adyna eýe boldy – diýip, auto.ru saýty habar berýär. «Ýylyň awtoulagy» adyny gazanmak üçin bäsleşikde Kia EV3 awtoulagy BMW X3 we Hyundai Inster ulaglaryny yzda galdyryp, geçen ýylky EV9 ulagynyň üstünliginden soň Kia elektrik ulaglarynyň ýeňşini dowam etdirdi. Bellemeli ýeri, esasy bäsleşikde ýeňlişe sezewar bolan Hyundai Inster «Dünýä elektromobili» derejesinde öňdelik gazandy. Volvo EX90 «Dünýä premial awtoulagy» diýen ada mynasyp boldy, ol Porsche Macan we Panamera ulaglaryny yzda galdyrdy. «Iň gowy dizaýn» bäsleşiginde bolsa VW ID.Buzz miniwen ulagy ýeňiji boldy. ©https://ayauk.gov.tm/

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy:

Soltanow A