Türkmenistan bilen Özbegistan ýük daşamalary üçin bilelikdäki terminallary döretmegi meýilleşdirýär
10.06.2025

Türkmenistan bilen Özbegistan ýük daşamalary üçin bilelikdäki terminallary döretmegi meýilleşdirýär

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, onda iki ýurduň demirýol ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň birinji orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji H. Rahmetow, “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji A.Kamiljanow, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktorynyň logistika boýunça orunbasary A/Hudaýberdiýew we «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň logistika we bazary öwreniş bölüminiň müdiri M.Rejepow gatnaşdy. “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, iki ýurduň demirýol ulaglary edaralarynyň arasyndaky 2022-2023-nji ýyllar boýunça ýük dolanyşygynyň möhüm netijelerine garaldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň her iki ýurduň üçin bähbitli we örän netijeli bolup durýandygy bellenildi. Duşuşykda birnäçe ugurlara aýratyn üns berildi. Birinjiden, “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň wagonlarynyň Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinde ýerleşdirilmegi, Türkmenistanyň çägindäki ýapyk wagonlaryň öz wagtynda boşadylmagy we yzyna gaýtarylmagy maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki ýurduň birleşýän nokatlaryndaky işleriň işjeňleşdirilmegi bilen iki ýurduň arasynda halkara demirýol daşamalaryň ösdürilmegi babatda pikir alşyldy. Mundan başga-da, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Özbegistan we onuň üsti bilen üstaşyr ugurlarda ýükleriň düşürilmegi meseleleri maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda konteýner ýük daşamalaryň möçberiniň we geçirijilik mümkinçilikleriniň artdyrymagy babatda pikir alşyldy. Şeýle hem amatly we netijeli ýük daşamalary üçin bilelikdäki terminallary döretmek mümkinçiligine seredildi. Duşuşygyň jemleri boýunça “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda teswirnama gol çekildi. ©https://atavatan-turkmenistan.com/

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby:

Ç.Nurgeldiýew