Monakanyň Monte-Karlo şäheri  baş baýraga mynasyp boldylar
2025-01-20, 06:00:00

Monakanyň Monte-Karlo şäheri baş baýraga mynasyp boldylar

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny goldaýan,dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da berkitmek maksady bilen, türkmeniň sirk sungatyny dünýä ýaýan «Galkynyş» milli at üstündaki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň “Türkmen jigitleri” toparynyň atristleri hem guwandyryjy netijeleri gazanyp diňe öz ülkämizde däl, eýsem dünýä halklarynyň içinde hem uly gyzyklanma bilen ýaň salýar. 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwary aralygynda Monakanyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän 47-nji halkara sirk festiwalyna ýörite çakylyk boýunça abraýly baýraklaryň eýesi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen jigitleri» toparynyň atristleri hem gatnaşdylar we festiwalyň baş baýragy – Altyn medala mynasyp boldular.