Bakuda 2026-njy ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny
2026-03-01, 00:00:00

Bakuda 2026-njy ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny

Bakuda 2026-njy ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny guramaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu Bakuda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti, Döwlet serhet gullugynyň başlygy general-polkownik Elçin Guliýew, şeýle-de «Sea Breeze» dynç alyş zolagyndaky sirkiniň ýolbaşçysy Allahwerdi Israfilow bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä, duşuşyklaryň dowamynda atçylyk sporty we milli atçylyk oýunlary babatynda ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary berkitmek, özara tejribe alyşmak, bar bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we Azerbaýjanda bu ugurda döredilen infrastruktura bilen tanyşmak ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. 14-18-nji noýabr aralygynda atçylyk ulgamynda döredilen döredilen şertler we alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen türkmen wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy. Türkmen wekilleri «Bina» we «Serhetçi» atçylyk merkezlerine baryp gördüler, olara atçylyk we at üstündäki oýunlaryň milli däplerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi — diýip, çeşmede bellenilýär.