Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli
2025-12-11, 19:00:00

Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli dekabr aýynyň 11-ne sagat 19:00-da we dekabr aýynyň 14-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda petekleri “online” görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34.