Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda dünýä atşynaslygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şöhraty has-da belende galýar. Şunuň bilen bagly buýsançly wakalaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip at berlen 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda bolup geçmegi ýylyň bu ajaýyp şygaryna laýyk gelip, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary arkaly bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä derejesinde giňden dabaralandyrýandygynyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna şu gün Arkadag şäherinde dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara, tanslara goşuldylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem 27-nji ýanwarda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyny hut şu ýerden başlap, şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlaryndan ugur alnyp, bu gezekki dabara toýa mahsus ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy we oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýaşlara aýratyn orun berildi