2026-02-21, 18:00:00
Täzeden-täze şowhunly çykyşlar
Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki fewral aýynyň 21-22-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler.