23.02.2026 Lebap 27.02.2026 Mary sirk oýunlary
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monaka Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş edip Altyn baýraga we ýörüte baýraklara mynasyp bolmagy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän ilkinji aýynda Monakada geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna gazanan aýratyn uly üstünlikleri we beýleki sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasynyň şahadatnamalarynyň gowşurylmagy, türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasynyň sahadatnamalaryna mynasyp bolmagy bilen baglylykda Arkadag we Aşgabat şäherlerinde döwlet derejesinde geçirilen dabaraly çäreleri dowam etmek maksady bilen, şu ýylyň 15-nji fewralynda Balkan welaýatyndaky, 19-njy fewralynda Daşoguz welaýatyndaky, 23-nji fewralynda Lebap welaýatyndaky, 27-nji fewralynda bolsa Mary welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guralýar.