Gyzykly sirk oýunlary şatlygyñ mirasydyr
2026-10-11, 18:00:00

Gyzykly sirk oýunlary şatlygyñ mirasydyr

🎪 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIRKI 🎪 Hormatly tomaşaçylar! Sizi 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçiriljek täze möwsümiň ajaýyp we täsin sirk çykyşlaryna çagyrýarys! Bu gün siziň üçin türkmen sirk sungatynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup, Baş baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň haýran galdyryjy çykyşlary garaşýar! Şeýle hem “Türkmen jigitleri” toparynyň ussatlykly çykyşlary, batyrgaý sirk oýunlary we ýokary derejede tälim berlen dünýäniň täsin jandarlarynyň gyzykly çykyşlary tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berer! ✨ Täsinlik, tolgundyryjy pursatlar we şatlykly duýgular bir sahnada! ✨ 🎟️ Petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň resmi sirk.gov.tm web sahypasy arkaly ONLINE görnüşde hem satyn alyp bilersiňiz. 📞 Habarlaşmak üçin: 36-10-95 | 36-10-34 | 39-80-44 | 39-80-45 🎉 Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz! Sirk dünýäsiniň ajaýyplygy sizi garaşýar!