Halkara çärelerine gatnaşmak
2026-09-04, 00:00:00

Halkara çärelerine gatnaşmak

2026-njy ýylyň 04-06-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen Halkara çärelerine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary iş saparyna ugradyldy. Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň atly ýigitleriniň ugratmagynda «Pilbergen» atçylyk sport toplumynyň binasyna bardy. Atçylyk sport toplumynyň binasynyň öňünde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylandy. Bu ýerde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda halkymyzyň göz guwanjyna deňelýän ahalteke bedewlerine bagyşlanan ajaýyp edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilen dünýä çempionatynyň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezen çykyşlary ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Olarda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bütewi sazlaşygy emele getirip, çykyşyň täsirini artdyrdy. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda Toýly atly ajaýyp bedewiň «Iň owadan bezelen at» ugrundan baş baýragy eýelemegi şeýle-de milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda görkezen çeperçilik ussatlyklary üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» atly abraýly baýraga mynasyp bolmagy üstünlikleriň üstüni ýetirdi. Bu bolsa toparyň agzalarynyň bu sungatda ussatlyk derejesine ýetenligini aýdyňlyk bilen görkezýär. Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda geçirilen medeni çäreler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi ösdürmek, medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny mundan beýläkde dünýä ýaýmak boýunça asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.