Afişalar
Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli körpeler üçin täze çykyşlaryny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz. Sirk çykyşlar 2026-nji ýylyň mart aýynyň 23-den 2026-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder. Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 39-80-46; 36-10-95.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monaka Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş edip Altyn baýraga we ýörüte baýraklara mynasyp bolmagy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän ilkinji aýynda Monakada geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna gazanan aýratyn uly üstünlikleri we beýleki sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasynyň şahadatnamalarynyň gowşurylmagy, türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasynyň sahadatnamalaryna mynasyp bolmagy bilen baglylykda Arkadag we Aşgabat şäherlerinde döwlet derejesinde geçirilen dabaraly çäreleri dowam etmek maksady bilen, şu ýylyň 15-nji fewralynda Balkan welaýatyndaky, 19-njy fewralynda Daşoguz welaýatyndaky, 23-nji fewralynda Lebap welaýatyndaky, 27-nji fewralynda bolsa Mary welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guralýar.
Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki fewral aýynyň 21-22-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler.
Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki fewral aýynyň 8-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! Goşmaça maglumatlary resmi sahypamyzda görüp bilersiňiz: sirk.gov.tm Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34;
Habarlar
Çykyşlar
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monaka Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş edip Altyn baýraga we ýörüte baýraklara mynasyp bolmagy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän ilkinji aýynda Monakada geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna gazanan aýratyn uly üstünlikleri we beýleki sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasynyň şahadatnamalarynyň gowşurylmagy, türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasynyň sahadatnamalaryna mynasyp bolmagy bilen baglylykda Arkadag we Aşgabat şäherlerinde döwlet derejesinde geçirilen dabaraly çäreleri dowam etmek maksady bilen, şu ýylyň 15-nji fewralynda Balkan welaýatyndaky, 19-njy fewralynda Daşoguz welaýatyndaky, 23-nji fewralynda Lebap welaýatyndaky, 27-nji fewralynda bolsa Mary welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guralýar.
2026-njy ýylyň martynda türkmen jigitleri at üstündäki oýunlar bilen Bakuda çykyş ederler
Bakuda 2026-njy ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny guramaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu Bakuda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti, Döwlet serhet gullugynyň başlygy general-polkownik Elçin Guliýew, şeýle-de «Sea Breeze» dynç alyş zolagyndaky sirkiniň ýolbaşçysy Allahwerdi Israfilow bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä, duşuşyklaryň dowamynda atçylyk sporty we milli atçylyk oýunlary babatynda ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary berkitmek, özara tejribe alyşmak, bar bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we Azerbaýjanda bu ugurda döredilen infrastruktura bilen tanyşmak ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. 14-18-nji noýabr aralygynda atçylyk ulgamynda döredilen döredilen şertler we alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen türkmen wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy. Türkmen wekilleri «Bina» we «Serhetçi» atçylyk merkezlerine baryp gördüler, olara atçylyk we at üstündäki oýunlaryň milli däplerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi — diýip, çeşmede bellenilýär.
Monakanyň Monte-Karlo şäheri
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny goldaýan,dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da berkitmek maksady bilen, türkmeniň sirk sungatyny dünýä ýaýan «Galkynyş» milli at üstündaki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň “Türkmen jigitleri” toparynyň atristleri hem guwandyryjy netijeleri gazanyp diňe öz ülkämizde däl, eýsem dünýä halklarynyň içinde hem uly gyzyklanma bilen ýaň salýar. 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwary aralygynda Monakanyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän 47-nji halkara sirk festiwalyna ýörite çakylyk boýunça abraýly baýraklaryň eýesi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen jigitleri» toparynyň atristleri hem gatnaşdylar we festiwalyň baş baýragy – Altyn medala mynasyp boldular.
Bahreýin döwletinde çykyş
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistlaryň şowhunly sahnalaryna, dünýä meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň atyň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketlerine, çykyşlaryna tomoşaçylarda uly täsir galdyrdy
Foto gallereýa